BILIM BOSSANYNDA BILBIL BOLAÝYN!
28Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanylýan ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak waka beslendi. Men S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa hünärine okuwa kabul edildim.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk. Men 2024-nji ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki H.Dawaýew adyndaky 20-nji orta mekdebi tamamladym. Dürli ýyllarda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşikleriniň şäher, welaýat tapgyrlarynda geografiýa dersinden ýeňiji boldum.
2024 — 2026-njy ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okap, tehnik-tehnolog kärini aldym. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň geçen ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli taýýarlanan «Bitaraplyk — parahatçylyk we ynanyşmak ýoly» atly kitabynda goşgularym çap edildi. Talyplyk ýyllarymda hem Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Garagum» edebiýat birleşmesiniň işjeň agzalarynyň biri bolaryn.
Men sporty hem söýýärin. Hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Spartakiadanyň basketbol, tanap çekmek boýunça ýaryşlaryna gatnaşyp, Hormat hatlaryna eýe boldum. Geljekde hem sportda we bedenterbiýede deň-duşlaryma görelde bolaryn.
Şanly günde — Bilimler we talyp ýaşlar gününde uniwersitete gadam basmaga, halypa professor-mugallymlarymdan sapak alyp başlamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr», «Biziň ýaşlarymyz özlerini Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller hökmünde tanadyp, halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen sözlerinden ruhlanyp, oňat okarys, dörederis.
Baýrambibi JOÝRUKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.