«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

27
2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň, şol sanda täze bilim ojaklarynyň açylmagynyň ähmiýetine, bilim özgertmeleriniň miwelerine aýratyn üns berildi. Onda söz sözlänler bilimi täzelenişiň, ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi hasaplap, bilim ulgamyny täze, has belent derejelere ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Maslahatda milli bilim özgertmeleri, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň  eserleriniň ylym-bilimiň, terbiýäniň çeşmesidigi hakynda çykyşlar diňlendi. Oba we suw hojalygyndaky innowasiýalar, hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmegiň durnukly ösüş maksadydygy, bilim-ylym-önümçilik arabaglanyşygy barada bellenildi. Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýä nusgalyk işleri, ýaşlara bilim we terbiýe bermekde sanly ulgamyň ähmiýeti wagyz edildi. 

Maslahat ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşguny öz beýanyny tapyp, döwrebap bilim özgertmeleriniň waspy ýetirildi.

Soňra maslahatyň işi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimi ösdürmegiň ugurlary», «Sanly ulgam — ösüşlere badalga», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy, takyk we oba hojalyk ylymlarynyň orny» atly bölümlerde dowam etdi. Olarda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň», «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki möhüm resminamalaryň esasy wezipeleri hakynda pikir alşyldy. 

Rahmanberdi NÖKEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň ekerançylyk 
önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52