HÜNÄRIM — HORMATYM
23«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyp bolmak bagtynyň miýesser edendigine buýsanjymyň çägi ýok. Men 2026-njy ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 8-nji orta mekdebi tamamladym. Geçen ýyllarda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiklerinde biologiýa dersinden 1-nji orna eýe boldum.
Mekdepde okan döwrümden bäri biologiýa, aýratyn-da, onuň zoologiýa bölümi bilen içgin gyzyklanýaryn. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň zootehniýa taýýarlyk ugrunda biologiýa dersleriniň, şol sanda zoologiýanyň, haýwanlaryň anatomiýasynyň, gistologiýanyň, biohimiýanyň, haýwanlaryň fiziologiýasynyň, mikrobiologiýanyň, ot-iým önümçiliginiň we beýlekileriň düýpli öwrenilýändigi bilen tanşyp, bu ugurda okamagy ýüregime düwdüm.
Ýurdumyzda maldarçylygyň dürli ugurlary, şol sanda gara maldarçylyk, dowardarçylyk, atçylyk, düýedarçylyk, guşçulyk, balykçylyk, balaryçylyk ösdürilýär. Maldarçylyk önümlerini öndürmegiň tehnologiýasy kämilleşdirilýär. Geljekde göreldeli okap, bu ugurdaky işleri ylmy esasda ýerine ýetirmäge goşant goşjak hünärmenleriň biri bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn.
Biz — ýaşlary kalbymyzda beslän arzuwlarymyza ýetirýän, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, ýaş nesliň döwrebap ylym-bilimli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda tutumly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun.
Nowgül BEGMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň zootehniýa
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.