«HÜNÄR EÝESINI EZIZ EDER»
5«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda maňa orta hünär bilimimi ýokarlandyrmaga mümkinçiligiň dörändigine örän begenýärin. Döwletimizde üznüksiz bilim almaga, kämilleşmäge ähli şertler döredilýär.
Türkmen halky «Hünär eýesini eziz eder», «Hünärli — zor, hünärsiz — hor» diýen pähimleri döredipdir. Men 2020-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 27-nji orta mekdebi tamamladym. 2023 — 2025-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäri boýunça okap, ykdysatçy kärini aldym. Şol ýyllarda Daşoguz welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, matematika dersinden ýeňiji boldum. 2024-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiren ders bäsleşiginde matematika dersinden ýeňiji boldum. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginde ýeňiji boldum.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünärinde bilim alyp, bilim-başarnyklarymy has-da ösdürerin. Mähriban Arkadagymyzyň dürdäne eserleri, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplary biz — ýaşlar üçin durmuşyň her bir pursatynda çelgi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýet bolmagyň beýik nusgasyny salgy berýär.
Biziň ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, mertebeli başlarynyň hemişe belent bolmagyny, tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Aýşat HALYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň ösümlik
ýagyny öndürmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby.