TÄZE HÜNÄR — TÄZE MÜMKINÇILIKLER

6
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüni tamamlap, ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby boldum. Men şu ýyl täze açylan hünäri — oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy hünärini saýladym.

Täze hünär boýunça biz molekulýar derejede genleriň täsirini öwrenmek bilen, alamatlary we häsiýetleri gerek ugra dolandyrmagy, genetikanyň inçe syrlaryny ele alarys. Gen inženerçiligi usuly bilen genleriň hasyllylyga, önümiň hiline, tebigatyň amatsyz şertlerine durnuklylygyna täsirlerini özleşdireris.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere jogap edip, geljekde oňat okap, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişeris. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň gerimli bilim özgertmeleriniň geljekde hem uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Men türkmen ýaşlaryna kalbymyň töründen orun berip, olary ezizleýärin. Olaryň başarjaňlygyna, zehinine, edermenligine, zähmetsöýerligine, ýiti üşükliligine, düşbüligine, dogruçyllygyna, döredijilikli işlemekde jöwher pähimliligine guwanýaryn» diýen sözleri biz — ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Bize uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!

Abdulla ATAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk 
ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52