AT-MYRADYŇ MEKANYNDA ARZUWLAR HASYL

5
Maňa şu ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby bolmak bagty nesip etdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünärini tamamlap, hünär ýolumy ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebinde dowam etdirmek bagty miýesser etdi.

Men 2022-nji ýylda Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebi tamamladym. 2024-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiren ders bäsleşiginde fizika dersinden ýeňiji boldum. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň geçiren ders bäsleşiginde fizika dersinden ýeňiji boldum. Biziň gazanýan üstünliklerimiz döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda görülýän çäreleriň miwesidir.

Magtymguly Pyragynyň «Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut» diýen sözleri biziň durmuş ýörelgämizdir. Geljekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatlaryny goldaýan, ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenleriň biri bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn. 

Milli bilim ulgamynyň beýik ösüşleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumlary rowaç bolsun.

Suraý MYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat 
howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) 
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52