«MATANYŇ GURLUŞY WE BEZELIŞI» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
24S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymlary Aýnagül Allaberdiýewa bilen Arzygül Kakalyýewanyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Matanyň gurluşy we bezelişi» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylara gowuşdy. Täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.
Okuw kitabynda matanyň gurluşy we bezelişi barada umumy maglumatlar, matalaryň görnüşleri we häsiýetleri, dokalyşynyň gurluş aýratynlyklary, tehnologik görkezijileri hem-de matalary timarlamagyň usulyýeti barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Onda dokma önümçiliginde öndürilýän matalaryň ähli görnüşlerinde, gurluşlarynda, önümçilik we ulanylyş şertlerinde bolup geçýän üýtgeşmeler, matalary ýüwürtmegiň, öndürmegiň aýratynlyklary barada maglumatlar beýan edilýär. Bu kitabyň mazmuny «Girişden» we «Matanyň toparlary we görnüşleri», «Matanyň gurluşy we häsiýetleri», «Matanyň ýüwürtme suratyny gurmak», «Esasy dokalyşlar», «Esasy dokalyşyň önümleri», «Utgaşdyrylan dokalyşlar», «Çylşyrymly dokalyşlar», «Nagyşly konturlar boýunça süýşürmegiň hasabyna gatlary birleşdirilen matalar», «Iri nagyşly dokalyşlar», «Matalary timarlama» atly 10 bapdan ybarat.
Okuw kitaby mata önümçiligi hünäri boýunça okaýan talyplara niýetlenip, ondan dokma önümçiliginiň hünärmenleri hem peýdalanyp bilerler.