«ÝER GURLUŞYGYNDA STATISTIKA» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

16
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy Maral Nazarowanyň, mugallymy Maýa Myradowanyň hem-de Şöhrat Wekilowyň «Ýer gurluşygynda statistika» atly oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylaryna gowuşdy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen täze okuw kitaby Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýatynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

Kitap girişden hem-de «Statistika ylmynyň predmeti we usullary», «Ýer we onuň peýdalanylyşynyň statistikasy», «Ekin meýdanlarynyň statistikasy», «Hasylyň we hasyllylygyň statistikasy», «Maldarçylygyň statistikasy», «Oba hojalyk önümlerini ýerlemegiň we sarp etmegiň statistikasy», «Zähmet serişdeleriniň we zähmet öndürijiliginiň statistikasy», «Önümçilik serişdeleriniň statistikasy», «Önümçilik harajatlarynyň we önümiň özüne düşýän gymmatynyň statistikasy», «Milli girdejiniň, jemi önümiň, jemi girdejiniň, peýdanyň we düşewüntliligiň statistikasy» atly 10 bapdan ybarat.

Täze okuw kitabynda ýer gurluşygynda bolup geçýän hadysalary ykdysady-statistiki taýdan oba hojalygynyň maglumatlary esasynda seljermegiň umumy meselelerine seredilýär. Onda statistika ylmynyň umumy ýörelgeleri, usullary we nazary esaslary beýan edilýär hem-de dersiň mazmuny giňişleýin açylýar.

Okuw kitaby Türkmenistanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna laýyklykda, statistika ulgamyna bildirilýän döwrebap talaplara görä ýazylypdyr. Ol oba hojalyk hünärleri boýunça okaýan talyplara, bilim berýän mugallymlara hem-de oba hojalyk önümçiliginiň işgärleridir ýolbaşçylaryna niýetlenendir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52