«OBA HOJALYK ÖNÜMLERINI SAKLAMAK WE GAÝTADAN IŞLEMEK» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

14
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy Leýla Ergeşowanyň, Hojadurdy Nurgeldiýewiň hem-de Amannepes Amannepesowyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

Kitabyň mazmuny girişden, «Et önümlerini gaýtadan işlemek», «Guş önümlerini gaýtadan işlemek», «Süýt önümlerini gaýtadan işlemek», «Ösümlik ýagy», «Miweleri, gök önümleri saklamak we gaýtadan işlemek», «Dänäni gaýtadan işlemek» atly 6 bapdan we adalgalar sözlüginden ybarat.

Okuw kitaby «Oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek» dersi boýunça umumy okuwlaryň temalaryny öz içine alýar. Ol oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek, özleşdirmek, bu ugurdaky täze tehnologiýalar, gerekli hasaplamalary geçirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň ykdysady tarapyny seljermek, öndürilýän önümleriň hiliniň talaba laýyklygy, adam üçin howpsuzlygy barada giňişleýin düşünje berýär.

Kitapda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň azyk senagaty pudagynyň ösüşiniň ýokary görkezijileri, ilki bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek we ýerli çig mallary ulanmak esasynda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar. Türkmenistanyň azyk senagaty pudagynda şu günki gün azyk önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri öndürilip, olar öz hili boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär. 

Bu okuw kitabyndan degişli ugurda bilim alýan talyplar, mugallymlar hem-de oba hojalyk önümlerini saklamak, gaýtadan işlemek boýunça hünärmenler peýdalanyp bilerler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52