«GURLUŞYK WE MELIORATIW MAŞYNLARYNYŇ ULANYLYŞY» ATLY OKUW KITABY OKYJYLARYNA GOWUŞDY
14S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Arazgeldi Mollaýewiň, Aýyt Annaýewiň hem-de Rejep Berdinyýazowyň, Kadyr Myradowyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Gurluşyk we melioratiw maşynlarynyň ulanylyşy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby neşir edildi. Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.
Kitap girişden hem-de «Maşynlaryň ygtybarlylygy we onuň esasy görkezijileri», «Maşynlaryň tehniki hyzmaty», «Maşynlaryň iş düzgünleri we öndürijilikleri», «Maşynlaryň ulanylyşynyň guramaçylyk esaslary», «Maşynlaryň tehniki hyzmatyny guramak» atly 5 bölümden ybarat. Täze okuw kitabynda melioratiw we gurluşyk maşynlarynyň ygtybarlylygy, olaryň bozulmalarynyň görnüşleri, sebäpleri baradaky maglumatlar berilýär. Şeýle-de ulanylyş döwründäki ygtybarlylygyny artdyrmagyň ýollaryna, maşynlaryň tehniki hyzmatynyň meýilnamaly-ätiýaçlyk ulgamyna, işleýiş düzgünlerine, öndürijilikli işlemegine, ulanylyşynyň guramaçylyk hem tehnologik esaslaryna, tehnologik proseslerine degişli maglumatlar berilýär.
Kitapda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň suw hojalyk gurluşyklarynda, melioratiw işleriniň toplumlarynda dünýäniň iň abraýly kompaniýalarynyň ekskowatorlary, buldozerleri, skreperleri we başga köp görnüşli maşynlary işleýärler. Ol maşynlar kuwwatlylygy, öndürijilikliligi, işe gaýymlygy, ygtybarlylygy, howpsuzlygy, dolandyryşa uýgunlyklary, rahatlyklary we beýleki ulanylyşa amatly häsiýetleri we ukyplary bilen tapawutlanýarlar. Melioratiw gurluşyk edaralarynyň gitdigiçe çylşyrymlandyrylýan kuwwatly täze gurluşly maşynlar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, şeýle-de olaryň guratlygynyň we amatly işledilmegini üpjün etmegiň zerurlygy tehniki hyzmatlar boýunça işleri artdyrýar. Bularyň hemmesi maşynlar parkynyň ulanylyş-bejeriş gullugynyň hemme bölümleriniň gurluşyna täsir edýän talaplary barha güýçlendirýär, maşynlaryň tehniki hyzmatynyň guramaçylyk düzgünleriniň, tehniki üpjünçiliginiň, tehnologiýasynyň düýpgöter tehniki hem-de bu mesele bilen iş salyşýan hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini ýokarlandyrmagy talap edýär.
Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň Melioratiw işlerini mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary üçin niýetlenilýär.