MUGALLYMYMYZA «GDA-nyň IŇ GOWY ÝAŞ ALYMY» BAÝRAGY BERILDI

60
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Sona Awişewa Gazagystanyň «Bilim-orkenieti» merkezi tarapyndan geçirilen «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň iň gowy ýaş alymy» bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy.

Sona Awişewa «Galyndylardan taýýarlanylan suwuklandyrylan organomineral döküniniň gök ekinleriň hasyllylygyna täsiri» atly temada ylmy-barlag işini alyp barýar. Ol 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralan «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşikde, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy taslamalar bäsleşiginde, «Dökün — bol hasylyň girewi» bäsleşiginde ýeňiji boldy. Onuň ylmy işine degişli ençeme makalasy çap edildi. 

Mugallymymyzy «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň iň gowy ýaş alymy» baýragy bilen tüýs ýürekden gutlamak bilen, oňa geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52