TALYPLARYMYZ ÖZBEGISTANDA TEJRIBELIK GEÇDILER

30
19-njy iýun — 6-njy iýul aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3 mugallymyndan we 20 talybyndan ybarat wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy instituty» Milli barlag uniwersitetinde tejribelik geçdiler. Ol 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gol çekilen «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň» çäklerinde guraldy.

Türkmen talyplary tejribeligiň barşynda nazaryýetde alan bilimlerini özleşdirdiler hem-de özara tejribe alyşdylar. Olar ählumumy howanyň üýtgemeginiň oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyna täsiri, ekinleri suwaryş kadasynyň döwrebap hasaplamalary, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, geomaglumat ulgamlary, ýere uzak aralykdan gözegçilik etmegiň innowasion usullary hakynda umumy okuwlara gatnaşdylar.

Şeýle-de olar «UzGIP» taslama institutynda, «AGROMAX TEXNIC» kompaniýasynda, «Suwçular mekdebinde», Oba hojalyk tehnikalaryny we tehnologiýalaryny synaýyş we güwälendiriş respublika merkezinde bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Ildeşlerimiz goňşy ýurda saparyň çäklerinde medeni maksatnama boýunça Daşkent şäheriniň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlerine baryp gördüler.
 
Meretmuhammet HOJANEPESOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat 
ulgamlary we sanly tehnologiýalar 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52