UNIWERSITETIMIZIŇ «TÜRKMENISTANDA AGROINNOWASIÝA» ATLY YLMY-AMALY ELEKTRON ŽURNALY DÖREDILDI

19
26-njy iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Elektron žurnal arkaly agronomçylyk, agroekologiýa, gidromeliorasiýa, sanly oba hojalygy, oba hojalygynda ýokary tehnologiýalar ýaly dürli ugurlara degişli öňdebaryjy tejribeler, ylmy-amaly barlaglaryň netijeleri okyjylar köpçüligine ýetiriler. Şeýle hem žurnalda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly ylmy taglymatlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigini belledi hem-de «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, ylmy-neşir işlerini ösdürmek, olarda ylmy žurnallary döretmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» döwürleýin ylmy neşirleriň halkara standartlara laýyk neşir edilmegi, şol sanda ylym ulgamyna degişli žurnallaryň halkara talaplara laýyk gelmegini gazanmak, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň abraýly ylmy žurnallarda makalalaryny çap etmeklerini höweslendirýän usullary işläp taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle-de «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna esaslanyp, ýokary okuw mekdebinde oba hojalyk ylymlary we ylmyň beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijelerini, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň miwelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, bilim — ylym — önümçilik  arabaglanyşygynyň ösdürilişini wagyz etmek, professor-mugallymlary, ýaş alymlary, talyp ýaşlary agroinnowasiýalary özleşdirmäge we döretmäge, ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirmek maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döredildi.

Täze žurnalyň ilkinji sanynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, täze okuw ýylyndan giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna mynasyp sowgat bolar. Bu žurnal her 2 aýdan 1 gezek elektron görnüşde taýýarlanar. Žurnalyň her bir sanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, has kämil tehnologiýalary ulanmak, mallardan we guşlardan bol önüm almak, pudaklaýyn ylmy, seçgiçiligi hem-de tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Pudagy sanly ulgama geçirmek, döwrebap ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek babatda-da anyk işler amala aşyrylýar» diýen sözleriniň many-mazmunyny, oba hojalygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ylmy esaslaryny açyp görkezmäge aýratyn üns berler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52