ITALIÝANYŇ BOLONÝA UNIWERSITETINDE «OBA HOJALYGYNYŇ DURNUKLY ÖSÜŞI» ATLY OKUW MASLAHATYNA GATNAŞYLDY

15
2026-njy ýylyň iýun aýynda Italiýanyň Bolonýa uniwersitetinde «Italiýa — Merkezi Aziýa» formatynda dolandyryş we bilim üçin «Durnukly institusional dialogy döretmek (BRIDGE)» atly taslamany durmuşa geçirmek üçin «Oba hojalygynyň durnukly ösüşi» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatyna gatnaşmak bize hem miýesser etdi.

Okuw maslahaty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan, 1088-nji ýylda esaslandyrylan Bolonýa uniwersitetiniň resmi wekilleri — Halkara gatnaşyklar boýunça wise-rektory, professor Raffaella Kampaner, Aziýa institutynyň direktory, professor Antonio Fiori tarapyndan gutlag sözi bilen açyldy. Uniwersitetiň we onuň çägindäki Aziýa institutynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda halkara ylmy hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şeýle hem, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak boýunça tejribe alyşmagyň wajypdygyna ünsi çekdiler.

Maslahatda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň wekilleri çykyş edip, sebitiň umumy aýratynlyklary, hususan-da oba hojalygy, gurakçylyga garşy göreş we suw serişdelerini tygşytly ulanmak boýunça öz döwletlerinde durmuşa geçirilýän taslamalaryň üstünde durup geçdiler.

Soňra Bolonýa uniwersitetiniň professory Elena Baldi ýörite okuw sapagyny geçdi. Professor Italiýanyň ösen agrar sebitleriniň biri bolan Emiliýa-Romanýada miweçiligiň döwrebap usullary, innowasion tehnologiýalar we hasyllylygy ýokarlandyrmagyň ýollary baradaky tejribelerini paýlaşdy.

Maslahatyň ikinji güni Tuska uniwersitetiniň professory Raffaele Kasa «Takyk oba hojalygy we sanly gurallar», şeýle-de «Klimatyň üýtgemegi we onuň oba hojalyk önümçiligine ýetirýän täsirleri» diýen temalarda çykyş etdi. Soňra Bolonýa uniwersitetiniň professory Moreno Toselli suw we takyk suwaryş ulgamlary barada çykyş edip, gurakçylyga garşy göreşde täsirli ýollar we suw serişdelerini ýokary tygşytlylyk bilen ulanmagyň innowasion gidrawlik usullary barada giňişleýin durup geçdi.

 
Okuw maslahatynyň üçünji güni Tuska uniwersitetiniň professory Andrea Petroselli «Gidrologiýa, suwaryş we suw serişdelerini dolandyrmak» diýen temada çykyş edip, suw akymlarynyň we gidrologik ulgamlaryň häzirki zaman modellerini hem-de agrar pudakda suw serişdelerini durnukly dolandyrmagyň ylmy esaslaryny düşündirdi. Soňra şol uniwersitetiň professory Kristian Silwestri aşa yssy we gurak howa şertlerine çydamly täze innowasion miweçilik usullary barada çykyş etdi. Professor Liçia Proserpionyň we Jessika Milanonyň ýolbaşçylygynda «Innowasion taslama nähili düzülmeli?» diýen amaly okuw geçirildi. Sapakdan soň ähli wekiliýet agzalary özara tejribe alyşdylar.

Maslahatyň dördünji güni Dr. Gianpaolo Sarno çykyş edip, sebitiň agrar-azyk sektory we CAP (Agzybirlikde Oba Hojalyk Syýasaty) syýasatynyň esaslary hem-de agrar pudagyň ekologik transformasiýasy üçin sebit syýasatlary barada giňişleýin durup geçdi. Soňra Innowasiýa we bilim bölüminiň hünärmeni Antonio Totaro Emiliýa-Romanýa sebitinde oba hojalyk bilimleriniň we innowasiýalaryň integrirlenen ulgamy (AKIS) barada çykyş edip, ylmy barlaglaryň, tejribeleriň we täze tehnologiýalaryň daýhanlara hem-de önümçilige bolan täsirini düşündirdi. Hünärmen Lorenzo Oretti Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň «ARCADIA» taslamasynyň mysalynda tebigata esaslanýan innowasion çözgütler arkaly sebitiň howa durnuklylygyny ýokarlandyrmak baradaky dolandyryş gurallaryny we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman modellerini hödürledi. Soňra maslahata gatnaşyjylar dünýä belli «Canale Emiliano Romagnolo» suwaryş kanalyna we «ACQUA CAMPUS» innowasion gidrawlikler tehnologiýalarynyň we suwaryş ulgamlarynyň ylmy-barlag synag merkezine baryp gördüler. Bu ýerde italýan hünärmenleri suwy tygşytlaýan, ekinleri takyk we awtomatlaşdyrylan usulda suwarýan iň döwrebap innowasion enjamlaryň we kiber-gurallaryň amaly işleýşini görkezdiler.

Okuw maslahatynyň soňky güni Ferrara sebitiniň strategik gidrotehniki ulgamlaryny we önümçilik amallaryny ýerinde öwrenmäge bagyşlandy. Şol günüň dowamynda «Codigoro» nasos stansiýasyna amaly sapar amala aşyryldy. Ýewropanyň iň iri we taryhy suw desgalarynyň biri bolan bu stansiýada gidrawlik ulgamlaryň işleýiş düzgünleri, sil suwlaryny dolandyrmagyň innowasion usullary we sebitiň ekologiýa taýdan durnuklylygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti amaly görnüşde görkezildi. Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar «Galavrone» suw aýlanyşyk we gaýtadan işlemeli tehnologik desgasynda bolmak bilen, suw serişdelerini gaýtadan ulanmagyň iň döwrebap innowasion tärleri bilen tanyşdyryldy. Halkara derejede meşhurlyga eýe bolan «Salvi Vivai» innowasion nahalhanasyna we bagbançylyk merkezine gezelenç guraldy. Lagosanto sebitinde ýerleşýän bu uly önümçilik kärhanasynda durnukly oba hojalygy we iň täze genetik usullar arkaly gurakçylyga, dürli kesellere hem-de ekstremal howa şertlerine çydamly miwe we iýmişli ekinleriň nahallaryny ýetişdirmegiň önümçilik tapgyrlary ýerinde öwrenildi. Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan täze innowasion önümçilik modelleri tanyşdyryldy.

Okuw maslahatynyň amaly we nazary tapgyrlary, şeýle hem toparlaýyn işler we taslama taýýarlyklary üstünlikli tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlara bu okuw maslahatyny guraýjylar tarapyndan halkara derejeli sertifikatlar gowşuryldy.

Senemgül HOJAGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52