«CLAAS» OKUW MERKEZINDE YLMY-ÖNÜMÇILIK MASLAHATLARY GEÇIRILDI

33
Ýurdumyzda dowam edýän galla oragy möwsüminde «CLAAS» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli däne orujy kombaýnlarynyň täze tapgyrynyň Türkmenistana getirilmegi guwandyryjydyr. Uniwersitetimizde bu döwrebap tehnikalara ýokary derejede erk edýän hünärmenleri taýýarlamakda kompaniýanyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. 

2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Umax Trade GmbH» kompaniýasynyň arasynda bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Ýokary okuw mekdebimiziň çägindäki «CLAAS» okuw merkezi, hünärmenleriň taýýarlygynda gazanylanlar, yzygiderli guralýan bilim-tejribe alyşmak maksatly çäreler bu möhüm resminamanyň ajaýyp miweleridir. 

Agzalan Ähtnamada Türkmenistana getirilýän tehnikalaryň we enjamlaryň aýratynlyklaryny öwretmek boýunça talyplar, professor-mugallymlar, ylmy işgärler, agrosenagat toplumynyň hünärmenleri bilen okuwlary, maslahatlary guramak, «CLAAS» okuw merkeziniň bilim bermek babatda işjeňligini kämilleşdirmek babatda ylalaşylýar. Şundan ugur alnyp, golaýda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Umax Trade GmbH» kompaniýasynyň hünärmenleriniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda «Traktorlaryň transmissiýalarynyň, gidrawliki we elektriki ulgamlarynyň gurluşy, işleýşi, sazlanyşy (Устройство, работа, регулировка трансмиссий, гидравлических и электрических систем тракторов)», «Däne ýygýan kombaýnlaryň gurluşy, işleýşi we sazlanyşy (Конструкция, эксплуатация и наладка зерноуборочных комбайнов)» temalary boýunça ylmy-önümçilik maslahatlary geçirildi. Olarda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Umax Trade GmbH» kompaniýasynyň hünärmeni Ildar Konowalow çykyş edip, diňleýjileri gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi. «CLAAS» okuw merkezinde yzygiderli guralýan okuwlar geljekki mehanizatorlaryň hünär kämilligini gazanmakda möhüm ähmiýetlidir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52