ÝOLUŇYZ AK BOLSUN, UÇURYMLAR!
2419-njy iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwlaryny tamamlaýan uçurymlary önümçilige işe ýollaýyş dabarasy, şu mynasybetli Alymlar Geňeşiniň dabaraly mejlisi geçirildi. Onda uniwersitetiň, Döwlet synag toparlarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, uçurymlar hem-de olaryň ene-atalary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Çykyş edenler okuwyny tamamlaýan ýaşlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň uçurymlary bolmaklary bilen gutladylar. Uçurymlar Döwlet synaglarynda hem-de gutardyş diplom taslamalaryny we işlerini goranlarynda ýokary taýýarlyklaryny, giň dünýägaraýyşlydyklaryny hem-de döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşýändiklerini görkezdiler.
Dabarada nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny, özgertmelerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde ähli ugurlar boýunça döwrüň ösen talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamak babatda birnäçe anyk wezipeleri goýýar hem-de olary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri we goldaw-hemaýatlary netijesinde, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny we dokma senagatyny döwrebap ösdürmäge ukyply, häzirki zaman sanly tehnologiýalardan üstünlikli baş çykarýan, edep-ekramly, sagdyn bedenli hünärmenleri taýýarlamak ugrundaky işler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen döwründe hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynda gazanylanlar doly şaýatlyk edýär.
2025-2026-njy okuw ýylynda uniwersiteti jemi 587 ýokary bilimli uçurym tamamlady. Bu ýaş hünärmenleriň arasynda ylmy we köpçülikleýin işlere, uniwersitetde, döwlet we halkara derejelerde geçirilen dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşan, uniwersitetde okan döwründe ähli dersleri diňe 5-lik bahalar bilen özleşdiren 91 uçurym tapawutlanan diplom almaga mynasyp boldy. Dabarada tölegli esasda bilim alan uçurymlara diplomlar hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän dersler boýunça Döwlet bäsleşiklerinde, halkara Internet olimpiadalarynda, ylmy işleriň we çeper höwesjeňleriň döredijilik bäsleşiklerinde hem-de sport ýaryşlarynda ýeňiji bolanlara Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy.
Dabara ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda uçurymlara ak ýol arzuw edildi.
Okuwyny tamamlaýan ýaşlar özlerine bildirilýän uly ynama jogap edip, ata Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup zähmet çekjekdiklerini ynandyrdylar. Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.