YLMY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI, BAÝRAKLARYŇYZ GUTLY BOLSUN!

21
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy babatda ähli şertler döredilýär. Ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylym, bilim, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýokary okuw mekdebimiziň ýaş alymlary hem-de talyby Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan edildi we baýraklar bilen sylaglanyldy:

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Meretmuhammet Jumanepesowiç Hojanepesow (1-nji orun — noutbuk), temasy: «Oba hojalygynda VR tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy»;

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Nurberdi Ýalkymowiç Orazgeldiýew (1-nji orun — noutbuk), temasy: «Balyklary howuzlarda ösdürip ýetişdirmegiň netijeli usuly»;

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýgül Şatlykowna Sähedowa (2-nji orun — kompýuter), temasy: «Suw geçiriji akabalarda suwuň syzylmalaryna garşy ýerli gurluşyk materiallary ulanmak».

Ýeňijiler, baýraklaryňyz gutly bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52