«YLYM WE TEHNOLOGIÝALAR BIZIŇ ŞU GÜNKI HEM-DE GELJEKKI ÖSÜŞLERIMIZIŇ ESASYDYR» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

94
9-njy iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan ylmy taslamalardyr gazanylan üstünlikleriň sergisini synladylar. Sergide uniwersitetiň talyplarynyň diplomlary, medallary, kuboklary hem görkezildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde ylym-bilimiň ähli ösüşleriň binýadydygy, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary we ylym-bilim ulgamlarynda utgaşykly alnyp barylýan özgertmeler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biotehnologiýanyň ösüşleri, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bagtyýar ýaşlaryň ylmy gadamlary hakynda çykyşlar diňlendi.

Hormatly Prezidentimiziň «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýen sözlerinden ugur alnyp ýerine ýetirilýän ylmy barlaglar hakynda gürrüň edildi. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmekde, ýaş alymlaryň neslini kemala getirmekde, bilimiň, ylmyň, önümçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmakda öňde duran wezipelere üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň ylmy esaslaryna, oba hojalyk ylymlaryna aýratyn üns berilýär. Obasenagat toplumyny, oba hojalyk ylymlaryny ösdürmek ugrunda öňdengörüjilikli özgertmeler amala aşyrylýar.

Soňra maslahat «Ylym we ýokary tehnologiýalar — nurana geljege ak ýol», «Döwrebap bilim we sanly ulgam — ykdysady ösüşleriň kepili», «Kitap ynsanperwerligiň çeşmesi, geljegiňi nurlandyrýan şamçyragdyr», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy, takyk we oba hojalyk ylymlarynyň orny» atly bölümlerde dowam etdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iýun aýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kitap okamagyň biraýlygy yglan edildi. Şunuň bilen baglanyşykly, maslahatyň bir bölümi «Kitap ynsanperwerligiň çeşmesi, geljegiňi nurlandyrýan şamçyragdyr» diýlip atlandyryldy.

«Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasydyr» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52