UNIWERSITETIMIZE ÝAPONIÝANYŇ «NIPPON» GAZNASYNYŇ «READ JAPAN PROJECT» MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE KITAPLAR GOWŞURYLDY
175-nji iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebine Ýaponiýanyň «Nippon» gaznasynyň «Read Japan Project» maksatnamasynyň çäklerinde okuw, ylmy-nazary we çeper kitaplary gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hirosi gatnaşdy.
Sowgat berlen kitaplaryň arasynda ýapon ylmy, daşky gurşaw, Durnukly ösüş maksatlary, arassa energiýa, «ýaşyl» tehnologiýalar boýunça edebiýatlar bar. Ýapon medeniýeti, sungaty, dili we edebiýaty hakynda eserler, sözlükler hem okyjylara hödürlenilýär.
Myhmanlar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurluşy we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň geljekde özara bähbitli täze gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmasy beýan edildi.
Uniwersitetiň wekilleri bilen duşuşykda türkmen-ýapon ylym-bilim gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli ösdürilmeginde iki ýurduň tagallalary aýratyn nygtaldy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, «Nippon» gaznasynyň «Read Japan Project» maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kitaplaryň gowşurylmagy ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.