DAŞKY GURŞAWYŇ ABADANÇYLYGYNA BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHATYŇ IKINJI BÖLÜMINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

17
5-nji iýunda ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen möhüm halkara sene mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ekologiýanyň orny» atly ikinji bölüminiň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň Medeniýet merkezinde ylmy-taslamalar, ýurdumyzda daşky gurşawy, biodürlüligi goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýan sergiler bilen tanyşdylar.

Maslahatda «Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr», «Suwaryşyň innowasion tehnologiýasy», «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde pürli ösümlikleriň genofondyny gorap saklamagyň ylmy esaslary», «Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler», «Durnukly ösüş maksatlarynda ekologiýanyň orny», «Ýurdumyzda ileri tutulýan ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi», «Ýurdumyzyň biodürlüligini goramakda döwlet derejesinde amala aşyrylýan çäreler», «Aral deňziniň suwunyň peselmeginiň Merkezi Aziýa edýän täsiri» temalarynda çykyşlar diňlendi.

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52