«DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEKDE ÝAŞLARYŇ ORNY» ATLY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANDY

32
5-nji iýunda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu ylmy-taslama bäsleşigi Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglere, hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, dördünji gezek guraldy.

Durnukly ösüş maksatlary boýunça bäsleşikler ýurdumyzda, halkara giňişlikde giň gerime eýe bolýar. Bu bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzdan hem-de Azerbaýjandan, Bangladeşden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Rumyniýadan, Russiýadan, Türkiýeden 150-ä golaý iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 45 sany ylmy-taslama işiniň awtorlary gatnaşdylar.

Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça 28 ylmy-taslama işiniň awtorlary ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 8-si daşary ýurtlaryň, 20-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işleridir. Netijede, birinji orna 5, ikinji orna 9, üçünji orna 14 ylmy-taslama işi mynasyp boldy. Şeýle-de, 14 talyba höweslendiriji baýrak gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar uniwersitetiň Medeniýet merkezinde guralan ylmy taslamalar, ýurdumyzda daşky gurşawy, biodürlüligi goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýan sergini synladylar. Dabarada ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşguny öz beýanyny tapyp, beýik ösüşleriň waspy ýetirildi. Oňa gatnaşyjylar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.


Bäsleşigiň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52