«EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILIDIR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GURALDY

18
2-nji iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň kepilidir» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Onuň umumy mejlisinde ekologiýa abadançylygynyň bagtyýarlygyň kepilidigi, ekologiýa medeniýeti we ýokary okuw mekdeplerinde talyplara ekologik bilim-terbiýe bermegiň usuly aýratynlyklary, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk, döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esaslary hakynda çykyşlar diňlendi.

Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär» diýen sözleriniň ähmiýetini nygtadylar.

Soňra maslahat «Ekologiýa howpsuzlygy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertidir», «Ählumumy howanyň üýtgemeginiň agroekologik täsirleri», «Durnukly ösüş üçin ekologik bilim we medeniýet», «Bedew batly at-myradyň mekanynda bilim, ylym we tehnologiýalar» atly bölümlerde dowam etdi.

Olarda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň mümkinçiliklerine, ýagny hünärmenleriň taýýarlygyna hem-de ylmy barlaglaryň netijelerine ýokary baha berilýändigi nygtaldy. Ýokary okuw mekdebinde, aýratyn-da, agroekologiýa fakultetinde, ekologiýa kafedrasynda daşky gurşawyň goragy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ylmy esasda öwrenilýär, bu ugurda dürli hünärler boýunça ýaşlara bilim berilýär.

Nygtalyşy ýaly, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ony geljekki nesillerimize tebigy durkunda we baýlaşdyryp, miras goýmak meselesi «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda», «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň çäginde ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamaga mümkinçilik berýän ýaşyl zolaklar, seýilgähler we seýilbaglar döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas ummanyndan we ýiti zehininden dörän ylmy eserlerinde hem tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamaga we olardan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52