ÖZBEGISTANLY TALYPLAR ÝURDUMYZDA TEJRIBELIK GEÇDILER

27
16-njy maý — 1-nji iýun aralygynda Özbegistan Respublikasynyň «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty» milli barlag uniwersitetiniň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçdiler. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda bu iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Onuň çäklerinde guralýan tejribelige hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň 19 talyby hem-de 2 mugallymy ýurdumyza geldi.

Olar Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Ahalsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Suwabzalulanyş» önümçilik dolanyşygynyň «Gidropark» suw göteriji bekedine, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Ak bugdaý etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna we beýleki kärhanalara baryp gördüler. 

— Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda özbek-türkmen gatnaşyklarynyň bedew batly ösüşlere beslenýändigine şaýatlyk edýän wakalaryň dabaralanýan günlerinde Aşgabatda bolýandygymyza, kärdeşlerimiz bilen özara tejribe alyşýandygymyza guwanýarys. Bizi myhmansöýerlik bilen garşylandyklary üçin türkmen tarapyna köp sagbolsun aýdýarys. Däp bolan şeýle gatnaşyklarymyzyň netijeli dowam etdirilmegini arzuw edýäris — diýip, «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty» milli barlag uniwersitetiniň mugallymy Rustam Hudaýkulow belledi.

Tejribeligiň başynda myhmanlar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen tanyşdylar hem-de professor-mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşdylar. Olar ugurdaş edara-kärhanalara, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika bagyna, uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygyna baryp gördüler. Şeýle-de goňşy döwletden gelen myhmanlar üçin medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlanyldy. Tejribelik geçýänler onuň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähine hem gezelenç etdiler.

Ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde, ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplaryny hem goňşy ýurda tejribelik geçmäge ugratmak meýilleşdirilýär.

Rahmanberdi NÖKEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Ekerançylyk 
önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52