«TIKIN ÖNÜMLERINIŇ TEHNOLOGIÝASY» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
15Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy Güljehre Karaýewa bilen Maral Hydyrowanyň, Laçyn Bekbaýewanyň awtorlygynda taýýarlanan «Tikin önümleriniň tehnologiýasy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby neşir edildi. Täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.
«Tikin önümleriniň tehnologiýasy» atly okuw kitaby tikin önümçiliginde, hususy tikin kärhanalarynda, modeller öýünde taýýarlanýan dürli görnüşdäki tikin önümlerini taýýarlamaklygyň toplumyny we tikin önümlerini öndürmekde tikiniň her bir tehnologiýasynyň ýerine ýetirilişiniň usullarynyň inçe ýollary, tikin önümleriniň täze görnüşlerini öndürmekligiň tehnologiýasyny innowasion enjamlarda kämilleşdirmegiň ugurlary beýan edilýär. Şu ugur boýunça kitapda dünýäniň internet maglumatlary we tikin pudagynda zähmet çekýän ýokary bilimli hünärmenleriň teklipleri nazarda tutulyp, tehnologiýany açyp görkezýän çyzgylar, suratlar, tablisalar, ýazgy maglumatlary ýerleşdirildi.
Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäri boýunça okaýan talyplary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçiligi fakultetiniň tikin önümçiligi kafedrasynyň derslerinde peýdalanmak üçin niýetlenilýär. Şonuň bilen birlikde, bu kitapdan beýleki degişli orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, tikin önümçiligi senagatyna degişli kärhanalarda, dokma toplumlarynda, modeller öýlerinde zähmet çekýän hünärmenler peýdalanyp bilerler.
Bu okuw kitaby tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünärinde okadylýan ähli dersler bilen arabaglanyşykly taýýarlanyldy. Kitabyň mazmuny «Girişden», «Egin-eşigiň tehnologiýasynyň esaslary», «Tikiniň görnüşlerini özleşdirmegiň usullarynyň tehnologiýasy», «Tikin önümleriniň bölekleriniň işlenip bejerilişiniň tehnologiýasy», «Tikin önümleriniň işlenip bejerilişiniň tehnologiýasy» atly 4 bapdan ybarat.
I bapda türkmen milli egin-eşikleriniň işlenip bejerilişiniň tehnologiýasy, egin-eşikler we olara edilýän talaplar, önüm öndürmekde zähmeti goramagyň düzgünleri, egin-eşigiň bölekleriniň düzülişiniň esaslary, ýaş boýunça beden gurluşynyň aýratynlyklary hakynda gyzykly maglumatlar berilýär. Şeýle-de egin-eşigiň taýýarlanyşynyň çäklendiriji tehniki resminamalary, önümi taýýarlamagyň önümçilikdäki etaplary, tikin önümlerini tehnologiýa yzygiderliligi boýunça işläp bejermek hadysalary, el işi üçin iş ýeri we iş gurallary düşündirilýär.
II bapda maşyn we el sanjymlarynyň görnüşleri, birleşdiriji tikinleriň görnüşleri we olary ýerine ýetirmegiň usullary, gyra tikinleriniň görnüşleri we olary ýerine ýetirmegiň usullary, bezeg tikinleriniň görnüşleri we olary ýerine ýetirmegiň usullary, dürli görnüşli furnituralary, bezegleri tikmegiň usullary, tikiniň görnüşlerine edilýän talaplar öwredilýär.
Okyjylar III bapda egin-eşikleriň böleklerini ýelimli aragatlar bilen birleşdirmegiň tehnologiýasy, egin-eşiklerde danlaryň işlenip bejerilişiniň tehnologiýasy, koketkalaryň görnüşleri we işlenip bejerilişiniň tehnologiýasy bilen tanşyp bilerler. Mundan başga-da, jübüler, ýakalar we olaryň görnüşleri, tikin önümlerinde syrmalary oturtmagyň, ýeňleriň, erňekleriň, etek kesikleriniň, guşaklaryň we köprüleriň, boýun kesiginiň ýakasyz işlenip bejerilişiniň, bant ýaka bagynyň, jalbarlarda gulfigiň işlenip bejerilişiniň tehnologiýasy beýan edilýär.
IV bapda gyz çaga köýnegi, çagalaryň, zenanlaryň, erkek adamlaryň eşikleriniň, sport, gyşky, ýazky lybaslaryň işlenip bejerilişiniň tehnologiýasy hem-de tikin önümçiliginde tikin önümlerini gutarnykly işläp bejermegiň tehnologiýasy aýry-aýry temalarda açylyp görkezilýär.
Umuman, tikin önümleriniň tehnologiýasy dersinden okuw kitaby döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýär. Kitapda milli tikinçilik mekdebiniň inçe syrlary ylmyň we tehnologiýanyň öňdebaryjy tejribeleri, bu ugurda dünýäde gazanylanlar bilen utgaşdyrylýar.