OBA HOJALYKÇYLAR ÜÇIN «PUDAKDA HASABA ALYŞ WE SELJERME» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
12Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy Orazsoltan Halmyradowa, Ogulsuraý Gödekowa bilen Daýançmyrat Mürrikow, Maksat Jumaýew tarapyndan taýýarlanan «Pudakda hasaba alyş we seljerme» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby neşir edildi. Täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.
Okuw kitaby pudakda hasaba alyş we seljerme, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy, hojalyk işiniň seljermesi derslerinde okatmak üçin niýetlenip, onda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň, hojalyk işiniň seljermesiniň nazaryýetine, oba hojalyk we senagat pudaklarynyň hojalyk amallarynyň hasaba alnyşyna hem-de seljermesine degişli temalara giňişleýin seredilýär. Okuw kitabyna girizilen temalar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alnyp beýan edilýär.
Kitapda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygyny, onuň bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmäge uly üns berilýär. Şu babatda oba hojalyk pudagynda kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine, daýhan birleşikleriniň, hojalyklarynyň maddy we maliýe üpjünçilik meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen çärelere giň gerim berilýär. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge, hususy we bilelikdäki kärhanalaryň açylmagyna hem-de kärhanalaryň öz öndüren önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegine ähli şertler döredilýär.
Okuw kitabynyň esasy wezipesi oba hojalyk, azyk we dokma pudaklarynyň buhgalterçilik hasaba alnyşynyň meselelerini çuňňur öwrenmekden ybaratdyr. Onuň «Buhgalterçilik hasaba alnyşy» atly I bölümi «Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hojalyk hasabyndaky ähmiýeti we usullary», «Buhgalterçilik resminamalary we tükellemek», «Buhgalterçilik hasabynyň hasaplary we olarda hojalyk amallaryny ikitaraplaýyn ýazgy etmek», «Pul serişdeleriniň we pul resminamalarynyň hasaby», «Senagat önümçiliginiň harajatlarynyň we önümiň özüne düşýän gymmatynyň hasaba alnyşy», «Bank karz amallarynyň hasaby», «Buhgalterçilik balansy», «Maliýe hasabatlylygy» atly 8 bapdan ybarat. Olarda bellenilişi ýaly, bazar ykdysadyýeti şertlerinde hojalyk hasabynyň maglumatlarynyň ähmiýeti has ýokarydyr. Şonuň üçin hojalyk hasabyna obýektiwlik we dogrulyk, dolulyk, ýönekeýlik, öz wagtlylyk, tygşytlylyk ýaly aýratyn talaplar bildirilýär. Buhgalterçilik hasaba alnyşy guramanyň emlägi, borçnamalary barada pulda aňladylan maglumatyň ýygnalmagynyň, bellige alynmagynyň we umumylaşdyrylmagynyň hem-de ähli hojalyk amallaryny tutuşlaýyn, üznüksiz, hem-de resminamalara esaslanyp hasaba almagyň üsti bilen, olaryň hereketiniň tertipleşdirilen ulgamy bolup durýar.
Kitabyň «Ykdysady seljermäniň nazaryýeti» atly II bölümi bolsa «Ykdysady seljerme dersiniň wezipeleri we görnüşleri», «Ykdysady seljermäniň usulyýeti we usullary», «Ykdysady seljermäniň guralyşy we maglumatlar bilen üpjün edilişi», «Esasy serişdeleriň seljermesiniň usulyýet esaslary», «Zähmet baýlyklarynyň ulanylyşy we zähmet haky gaznasynyň seljermesi», «Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň we gaýtadan işlenişiniň hasaba alnyşy we seljermesi», «Kärhanalaryň maliýe ýagdaýynyň seljermesiniň usulyýet esaslary», «Maliýe netijeleriniň seljermesiniň usulyýet esaslary» atly 8 bapdan düzülendir.
Ykdysady seljermäniň nazaryýeti hakynda aýdylanda, tebigatyň we jemgyýetçilik durmuşynyň hadysalaryny öwrenmek seljermäniň üsti bilen amala aşyrylýar. Çig mallaryň kärhanalara getirilmegi, olary işläp bejerip, önümleriň öndürilmegi, ýerleşdirilmegi, munuň üçin harajatlaryň sarp edilmegi, kärhanalaryň peýda alyp, düşewüntli işlemegi we şuňa meňzeş hadysalara ykdysady hadysalar diýilýär. Şu hadysalaryň many-mazmunyna düşünmek üçin, meselem, girdejiniň alynmagyna has doly düşünmek üçin onuň haýsy böleklere bölünýändigini, olaryň her biriniň haýsy sebäplere görä üýtgeýändigini bilmek zerurdyr. Häzirki döwürde ykdysady seljermäni ulanmazdan, barha çylşyrymlaşýan işleri aňly-düşünjeli amala aşyrmak asla mümkin däl. Şeýlelikde, önümçiligiň giňelmegi, tehniki ilerlemegiň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy, önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi ykdysady seljermäniň ylmyň özbaşdak pudagyna öwrülmegine getirdi. Täze kitapda şunuň bilen bagly meseleler anyk mysallardyr hasaplamalaryň üsti bilen giňişleýin düşündirilýär.