«ZOOGIGIÝENA» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

16
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dosenti, weterinariýa ylymlarynyň doktory Töre Garlyýewiň ýazan «Zoogigiýena» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby neşir edildi. Täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

«Zoogigiýena» okuw kitaby S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň hünärleridir taýýarlyk ugurlarynda okadylýanlara niýetlenendir. Okuw kitabyndan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Türkmen oba hojalyk institutynda okaýan talyplar, degişli ugurlarda işleýänler hem peýdalanyp bilerler.

Okuw kitabynda ýazylyşy ýaly, zoogigiýena (gr. zoon — mal, hygienos — sagat) haýwanlary belli bir düzgün boýunça saklamagy, ideg etmegi, iýmitlendirmegi, saglygyny goramagy, zooweterinariýa ylmynyň kanunlaryna esaslanyp, olaryň saglygyny berkitmegi, olardan tohumyna laýyk nesil almagy öwrenýän ylymdyr. Bu neşirden «mallary saklamak», «ideg etmek», «iýmitlendirmek», «saglygyny goramak», «saglygyny berkitmek», «tohumyna laýyk nesil almak» ýaly zoogigiýenanyň esasy düşünjeleri bilen içgin tanyşmak mümkin.

Neşiriň başynda zoogigiýena dersi we onuň iş usullary hakynda düşünje berilýär. Zoogigiýena daşky gurşawyň — howanyň, topragyň, suwuň, ot-iýmleriň hiliniň mallaryň bedenine yzygiderli edýän täsirini öwrenýär. Mundan başga-da, ol mallaryň saklanylyşynyň, iýmitlendirilişiniň, ösdürilip ýetişdirilişiniň, ulanylyşynyň, olara ideg edilişiniň düzgünlerine baglylykda, dürli şertleriň mallaryň bedenine edýän täsirini öwrenip, şolaryň esasynda-da mallaryň sagdynlygyny berkitmäge we önümliligini artdyrmaga päsgel berýän sebäpleri aradan aýyrmaga ýardam edýän usullary işläp düzýär we olary önümçilige ornaşdyrýar.

Kitabyň mazmunyna ser salsak, onda atlaryň, itleriň, gara mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň, guşlaryň, şol sanda ördekleriň, gazlaryň, sesarkalaryň, bedeneleriň, düýeguşlaryň, kepderileriň hem-de towşanlaryň, sütükli ýyrtyjy haýwanlaryň saklanylyşynyň gigiýenasy aýratyn bölümlerde giňişleýin beýan edilýär. Şeýle-de «Türkmenistanda broýler önümçiligi», «Hind towukçylyk önümçiligi», «Emeli suw howdanlarynda (çukurlarda) balyklaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň gigiýenasy», «Oba hojalyk mallary (guşlar) bir ýerden başga bir ýere ulaglarda ýa-da sürlüp äkidilende berjaý edilmeli weterinariýa-sanitariýa we gigiýenik talaplar» atly bölümler bar.

Atlaryň saklanylyşynyň gigiýenasyna bagyşlanan bölümde atyň gelip çykyşynyň gysgaça taryhy, atlaryň saklanylyşynyň ulgamlary we düzgünleri, atlaryň athanalarda, teblehanalarda (denniklerde) saklanylyşynyň, tohum atlaryň, baýtallaryň, bogaz baýtallaryň saklanylyşynyň, baýtallardan taýçanaklary kabul etmegiň, taýçanaklaryň saklanylyşynyň, atlara umumy ideg edilişiniň, atlaryň deri örtügine ideg etmegiň gigiýenasy hakynda gyzykly bilim-düşünjeler bar. Bu bölümde ahalteke atlarynyň reňki, olaryň bedenine Gün şöhleleriniň biologik täsiri, politrek, atçylykda çalt hereketiň bolup geçişi, ýitirilen energiýanyň iki dürli dikeldiş hadysasynyň haýsy ýagdaýlarda we haýsy sebäbe görä bolup geçýändigi, güýçli çapuwda bedende nämeleriň bolup geçýändigi, atlaryň aýaklaryna we toýnaklaryna ideg etmegiň gigiýenasy barada maglumat berilýär. Atlaryň aýaklarynyň nallanylyşynyň gigiýenasy, nalyň taryhy, häzirki zaman nallary, atlaryň aýaklaryny nallamak üçin gerek bolan enjamlar dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Atlaryň esbaplaryna gigiýenik talaplar, atlara berilýän ot-iýmlere we iýmitlendirmegiň hilini sanitariýa taýdan gowulandyrmakda geçirilýän çärelere edilýän talaplar hem içgin şöhlelendirilýär.

Okuw kitabyndaky suwa we suw çeşmelerine sanitariýa-gigiýenik talaplar, suwuň hilini sanitariýa taýdan gowulandyrmakda geçirilýän çäreler, atçylyk toplumlarynda mör-möjeklere we gemrijilere garşy geçirilýän göreş çäreleri, atçylyk toplumlarynda weterinariýa-sanitariýa obýektlerine zoogigiýenik talaplar, atlar bir ýerden başga bir ýere dürli ulaglarda äkidilende berjaý edilmeli zoogigiýenik talaplar, atlar awtoulaglarda, demir ýol wagonlarynda, uçarlarda äkidilende berjaý edilmeli gigiýenik talaplardyr gerek bolan enjamlar, atlary äkitmegiň düzgünleri, at bilen işlenende berjaý edilmeli iş howpsuzlygy, atly gezelenç etmegiň aýratynlygy, atlaryň ýaşyna baglylykda atlandyrylyşy baradaky bilimler hem geljekki zootehnikler, weterinar lukmanlary üçin zerurdyr.

Goşmaça bölümde dürli ululykdaky athanalaryň, atlaryň karantin bölüminiň çyzgylarynyň, atlar, itler barada nakyllardyr atalar sözleriniň ýerleşdirilmegi kitabyň gymmatyny we täsirliligini has-da artdyrýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52