GERMANIÝANYŇ GANNOWER ŞÄHERINDÄKI G.W.LEÝBNIS ADYNDAKY GANNOWER UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
17Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, oba hojalygynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzda ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalygyna sanly, «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça halkara tejribeleri özleşdirmäge uly üns berilýär.
13 — 16-njy maýy aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gannower şäherindäki Gotfrid Wilgelm Leýbnis adyndaky Gannower uniwersitetiniň Topragy öwreniş institutynyň we Ýer ulgamy ylymlary institutynyň wekilleri ýurdumyzda saparda boldy. 14-nji maýda Gannower uniwersitetiniň Topragy öwreniş institutynyň professory Georg Gugenberger hem-de Ýer ulgamy ylymlary institutynyň ylmy işgäri Olga Şibistowa Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginde, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde duşuşyklara gatnaşdylar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary bilen duşuşykda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, has kämil tehnologiýalary ulanmak, pudagy sanly ulgama geçirmek, döwrebap ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda anyk işleriň amala aşyrylýandygy we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.