ESASY KANUNYMYZ, DÖWLET NYŞANLARYMYZ MILLI BUÝSANJYMYZDYR

17
14-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Esasy Kanunymyz we döwlet nyşanlarymyz döwletlilik ýörelgelerimiziň ebediligini ykrar edýän milli buýsanjymyzdyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dabaraly bellenýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününiň aýratyn many-mazmuna beslenýändigi nygtaldy. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Çykyşlarda «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýlişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň täze galkynyşlaryň ýurdy, ýaşyl baýdagymyz parahatçylygyň nyşany hökmünde dünýäde tanalýandygy, oba hojalyk özgertmeleriniň hukuk binýadynyň berkidilýändigi buýsanç bilen beýan edildi. 

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik özgertmeleri, döwlet nyşanlary, Esasy Kanunymyz belent wasp edildi. 

Soňra maslahat «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary Garaşsyzlyk buýsanjydyr», «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň Esasy Kanuny», «Döwlet nyşanlaryna sarpa ýaşlaryň watansöýüjilik ýörelgesidir», «Bedew batly at-myradyň mekanynda bilim, ylym we tehnologiýalar» atly bölümlerde dowam etdi. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimizden ugur alýan beýik özgertmeleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52