ENE MUKADDESLIGINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

15
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormatyň eýesi» ady bilen bäsleşik geçirildi. Uniwersitetiň ilkinji zenanlar guramasynyň milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, edep-terbiýe mekdebini talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ene mukaddesligini wasp etmek maksady bilen, şeýle-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygaryna bagyşlap geçiren bäsleşigi 3 şertden ybarat boldy. Olarda hormatly Prezidentimiziň: «Maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir» diýen sözleriniň many-mazmuny giňişleýin beýan edildi.

Bäsleşigiň «Enäniň ýürek aýdymy» atly 1-nji şertinde talyplar ene hüwdüsiniň döreýiş taryhyny hem-de nesil terbiýesinde ähmiýetini gürrüň berdiler. Olar sazly, wideogörnüşler, prezentasiýalar bilen çykyş edip, hüwdülerden bölekleri ýerine ýetirdiler. Munuň üçin 6 minut wagt berildi. 

«Ene — ýürekleriň bagbany» atly 2-nji şertde bäsleşige gatnaşanlar eneleri goşgular, aýdymlar, oýlanmalar arkaly çeper wasp etdiler. Bu şerte 5 minut wagt berildi. 

«Enelere sowgat» atly 3-nji şertde talyplar öz mähriban käbelerine sowgat taýýarlap, 4 minudyň dowamynda näme üçin şeýle sowgady saýlandyklaryny düşündirdiler. 

Bäsleşikde 1-nji orna dokma önümçiligi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýazgül Kössekowa, 2-nji orna agroekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Güljahan Baýramowa, 3-nji orna oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýgül Babagulyýewa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52