TEMMÄKÄ GARŞY GÖREŞMEK, ONUŇ ZYÝANLY TÄSIRLERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK HAKYNDA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GURALDY

37
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 1 — 31-nji maýy aralygynda Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça meýilnamalaýyn çäreler üstünlikli geçirilýär. Olara Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Içeri işler ministrlikleriniň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Onuň çäginde 7-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde temmäkä garşy göreşmek, onuň zyýanly täsirleriniň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat, öwüt-ündew çäresi guraldy.

Çärede nygtalyşy ýaly, halkymyzyň saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplaýan döwlet Baştutanymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek babatda tagallalar utgaşdyrylýar.

Ýurdumyzda maý aýynda dowam edýän temmäkä garşy göreşmek boýunça çärelere Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümleri, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy işjeň gatnaşýar. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny netijeli durmuşa geçirilýär. Degişli döwürde «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» ýerine ýetirildi.

Çärä gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşyny saglykda, sagdynlykda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52