TALYBYMYZ «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» BÄSLEŞIGINDE ÝEŇIJI BOLDY
344-nji maýda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilýär. Onuň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan talyp ýigitleriň 27-si gatnaşdy.
Düzgünnama laýyklykda, talyplar saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler. Sungata we döredijilige bolan ukyplaryny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesde aýdym-saz, goşgy ýa-da sahna, şeýle-de ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler.
Eminler toparynyň çözgüdine laýyklykda, bäsleşikde birinji orny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmuhammet Açylow eýeledi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň Hormat haty we ýadygärlik sowgat dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.