ÄHLUMUMY DURNUKLYLYK INNOWASIÝA BÄSLEŞIGINDEN MEDALLY DOLANDYLAR
33Uniwersitetimiziň wekilleri 15 — 21-nji aprel aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Denpasar şäherinde iş saparynda bolup, 2-nji Ählumumy durnuklylyk innowasiýa bäsleşigine gatnaşdylar. Onda 12 döwletiň wekilleri, şol sanda ýurdumyzdan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Meretmuhammet Hojanepesow, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl magistranty Ýaran Hudaýberdiýew, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Batyr Hudaýberdiýew, şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, talyplary bilelikdäki ylmy taslamalaryny hödürlediler.
Ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri bäsleşige daşky gurşawy goramak ugruna degişli «Gurak sebitler üçin awtonom Gün distillýasiýa ulgamynyň taslamasy we optimizasiýasy» atly ylmy taslama işi bilen gatnaşdylar. Olar halkara bäsleşikde II orna eýe bolup, diplom we kümüş medal bilen sylaglandylar. Ildeşlerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!