YLHAMYŇYZ JOŞGUNLY BOLSUN!

19
Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnaly bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 35 ýaşa çenli ýaş şahyrlaryň arasynda yglan edilen «Waspyň sena boldy dillere, bedew!» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli behişdi bedewlerimizi goşgularyň üsti bilen çeper wasp etmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde aýratyn tapawutlanandygy üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Gaýlyýewa, weterinar lukmançylygy fakultetiniň senagat balykçylygy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Begenç Baýramow Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgat bilen sylaglanyldy.

Ýeňijileri gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys hem-de döredijilik dünýäsinde geljekde hem ylham joşgunyny arzuw edýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52