BEHIŞDI BEDEWLERIMIZ HALKYMYZYŇ GENJI-HAZYNASYDYR WE MILLI MIRASYDYR
15Şeýle at bilen 21-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň ähmiýetini, ahalteke atlarynyň hoşgylawlylygyny, wepalylygyny hem-de ýurdumyzyň atly sportuny we sirk sungatyny giňden wagyz-nesihat etmek hem-de dabaralandyrmak maksady bilen guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide atçylyga, milli seýisçilik sungatymyza degişli gymmatlyklar, okuw edebiýatlary görkezildi.
Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda atçylyk pudagynda ýetilen sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde ahalteke bedewlerine goýulýan belent sarpa, ahalteke atçylygynyň, seýisçiligiň ylmy esaslary, bu ugurda ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag, okuw işleri, türkmen bedewleriniň gadyr-gymmaty, sungatdaky we edebiýatdaky keşbi hakynda çykyşlar diňlendi. Alymlar, professor-mugallymlar ahalteke tohum atlarynyň dünýäde medeni atçylygyň döremegindäki we ösdürilmegindäki ähmiýetiniň uludygyny belläp, çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine salgylandylar. Maslahatda ussat seýis Aba Annaýewiň atlary seýislemekdäki baý tejribeleri paýlaşyldy, atlary idetmek, bejermek, bu ugurda dünýä tejribesi hakynda pikir alşyldy.
Ylmy-amaly maslahat «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany», «Ahalteke bedewi — eýýamlaryň bedewi», «Bedew atyň ýüwrük bolsun!», «Ylym we tehnologiýa ösüşleriň goşa ganatydyr» atly bölümlerde işini dowam etdi. Olarda «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawynda orun almagynyň ähmiýeti, Arkadag şäheriniň behişdi bedewleriň mekanydygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýä atşynaslarynyň işlerini utgaşdyrýan guramadygy hakynda gürrüň edildi. Şeýle-de bedew batly öňe barýan Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşi, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlaryna degişli ylmy barlaglar hakynda pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.