UNIWERSITETIŇ GEÇIREN MATEMATIKA WE FIZIKA DERSLERINDEN OLIMPIADASY JEMLENDI
842026-njy ýylyň 22-nji aprelinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika derslerinden olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bu bilim bäsleşigi Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmek we sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda guraldy. Mälim bolşy ýaly, tebigy we takyk ylmy ugurly derslerde berilýän bilimiň dünýä standartlaryna laýyk gelmegini üpjün etmek bilim işgärleriniň esasy wezipeleriniň biridir. Türkmenistanyň umumybilim edaralarynda beýleki ugurlara degişli dersler bilen bir hatarda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri çuňlaşdyryp okatmak ýola goýuldy. Bu ugurlardan ders bäsleşiklerini, internet olimpiadalaryny we test synaglaryny geçirmek ýaly möhüm wezipeleri netijeli durmuşa geçirmäge S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar.
Olimpiada 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda şahsy bäsleşik görnüşinde 3 tapgyrda geçirildi. Bäsleşigiň ilkinji tapgyry aprel aýynyň başynda etrap-şäherlerde degişli mekdeplerde guralyp, olarda her etrapdan we şäherden tapawutlanan 3 okuwçy 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşikleriň 2-nji tapgyry 15-nji aprelde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlaryndan zehinli okuwçylar gatnaşyp, sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly matematika we fizika derslerinden bilim derejelerini görkezdiler we has tapawutlananlar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Olimpiadanyň 3-nji — jemleýji tapgyry uniwersitetiň kitaphanasynda geçirildi. Bu tapgyrda gatnaşyjylara 7 mesele hödürlenildi. Olary çözmek üçin 180 minut wagt berildi. Jemleýji tapgyrda toplanan ballaryň jemi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Olar Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.
Guramaçylyk topary bäsleşiklere gatnaşanlara hem-de onuň guramaçylygyna ýardam berenlere hoşallyk bildirýär.
Üstünlikler hemraňyz bolsun, mähriban okuwçylar!
Matematika dersinden olimpiadanyň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!
Fizika dersinden olimpiadanyň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!