RUMYNIÝADAKY HYZMATDAŞLARYMYZ BILEN «TEGELEK STOL» DUŞUŞYGY GURALDY
272026-njy ýylyň 22-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanyp, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy bilen bilelikde sanly ulgam arkaly guralan «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşdylar.
Gibrid görnüşde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Rumyniýanyň Buharest oba hojalyk ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetiniň, «Ion Ionescu de la Brad» Ýassy tebigy ylymlar uniwersitetiniň wekilleri, Rumyniýanyň atçylyk boýunça hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Duşuşykda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygarynyň many-mazmuny, bedew batly ösüşlerimiz wagyz edildi. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda we daşary ýurtlarda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanylyşy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri, atçylyk pudagynyň durnukly ösüşi, iki ýurduň atçylyk tejribesi, bu ugurda hünärmenleriň taýýarlygy, oba hojalyk, weterinariýa ylym-bilimi, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda söhbet edildi. Soňra «tegelek stol» duşuşygy oňa gatnaşyjylaryň sowal-jogaplary bilen dowam etdi.
«Tegelek stol» duşuşygyna gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem beýik ösüş-özgertmelere besleýän, ylym-bilim, oba hojalyk ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýän, türkmen-rumyn gatnaşyklaryna giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Ýeri gelende bellesek, 2017-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Buharest oba hojalyk ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Onuň çäklerinde bilim, ylym, innowasiýalar babatda we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.