YLYMLAR GÜNÜNIŇ DUŞUŞYKLARY NETIJELI GEÇIRILÝÄR
30Her hepdäniň şenbe güni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň agzalarynyň, şol sanda TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkeziniň wekilleridir beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda Ylymlar güni geçirilýär.
Mart-aprel aýlarynda Ylymlar gününde guralan duşuşyklarda «Eksportyň esaslary: kärhanalaryň halkara bazarlara çykyşy», «XXI asyrda marketing», «Brending we marketing», «Oba hojalygynda ykdysadyýet», «Täze nesil žurnalistikasy» ýaly temalarda çykyşlar diňlenildi. Ýokary okuw mekdebimiziň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň guramagynda geçirilýän duşuşyklarda maglumatlar jemgyýetinde zerur bilim-düşünjeler, sanly ulgamyň we ösen tehnologiýalaryň mümkinçilikleri, ýaşlar telekeçiligi hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Olaryň barşynda professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sowal-jogap, pikir, tejribe alyşýarlar.