UNIWERSITETIŇ WEKILI STAMBULDA CAREC MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE MEJLISE WE OKUW MASLAHATYNA GATNAŞDY
1131-nji mart — 2-nji aprel aralygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýer serişdeleri kafedrasynyň müdiri Penamuhammet Işangulyýew Türkiýäniň Stambul şäherinde iş saparynda bolup, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň Başarnyklary ösdürmek boýunça iş toparynyň üçünji mejlisine hem-de okuw maslahatyna gatnaşdy. Oňa CAREC maksatnamasyna agza döwletlerden, ýagny ýurdumyz bilen bir hatarda, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Pakistandan, Täjigistandan, Özbegistandan düzümi hünär bilimi edaralary boýunça ýolbaşçylardan, hünärmenlerden, şeýle hem oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat bolan wekilçilikli toparlar gatnaşdylar.
Mejlisde we okuw maslahatynda CAREC sebitinde oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleri bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Talyplaryň we mugallymlaryň akademiki alyş-çalşyny ösdürmek, bilelikde ylmy makalalary, işleri taýýarlamak, halkara maslahatlary geçirmek, gysga möhletli okuwlary we mikrokwalifikasiýalary döretmek, täze dersler boýunça bilim standartlaryny işläp taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça teklipler beýan edildi.
3-nji aprelde oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sessiýalar dowam etdirildi. CAREC sebitindäki ýurtlaryň we olara wekilçilik eden oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri tarapyndan birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça taýýarlanan başlangyçlar hödürlenildi. Bu başlangyçlar «ýaşyl başarnyklary» ösdürmek, oba hojalygynda durnuklylygy üpjün etmek hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgütlerine gönükdirildi. Hususan-da, mejlisde we okuw maslahatynda «ýaşyl başarnyklar» boýunça sebitara merkez döretmek başlangyjy tanyşdyryldy. Bu başlangyjyň çäklerinde ýörite ylmy-barlag we bilim merkezini döretmek göz öňünde tutulýar. Merkez öz işini «ýaşyl tehnologiýalar», howanyň üýtgemegi, oba hojalygynda durnukly ösüş hem-de täze innowasion çözgütler boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak arkaly amala aşyrar.
Şeýle-de oba hojalygynda zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda gatnaşyjylar häzirki wagtda giňden ulanylýan himiki serişdeleriň ornuny kem-kemden biologik we ekologiýa taýdan howpsuz usullar bilen çalyşmaklygyň zerurdygyny bellediler.
Öri meýdanlaryny dikeltmek we olaryň zaýalanmagynyň öňüni almak bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi. Bu ugurda çykyş edenler öri meýdanlarynyň durnukly peýdalanylmagy, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylan usullar arkaly dikeldilmegi hem-de geljekde olaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagynyň möhümdigini nygtadylar.
Bulardan başga-da, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde işlenip taýýarlanan okuw moduly bilen tanyşdyryldy. Bu modul magistr maksatnamasy derejesinde okadylmagy meýilleşdirilýän, takmynan, 45 sagatlyk okuw kursy bolup, onuň maksady talyplarda «ýaşyl başarnyklar» we durnukly ösüş baradaky giňişleýin düşünjäni kemala getirmekden ybaratdyr. Bu modul gatnaşyjy ýurtlaryň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylyp, geljekde uniwersitetleriň birnäçesiniň okuw maksatnamalaryna girizilmegi göz öňünde tutulýar. Ony işläp düzüjileriň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem görkezildi. Gysga möhletli okuwlar, mikrokwalifikasiýalar we modul okuw maksatnamalary hakynda halkara tejribeler öwrenildi. Niderlandlar Patyşalygynyň Wageningen uniwersitetinde mikrokwalifikasiýalary synag görnüşinde ornaşdyrmagyň tejribesi, şeýle hem CAREC sebiti ýurtlarynyň bu ugurdaky tejribeleri paýlaşyldy.