TALYBYMYZ — MERKEZI AZIÝANYŇ IŇ GOWY TALYBY

29
2026-njy ýylyň 5 — 10-njy fewraly aralygynda Astana şäherinde Gazagystanyň «Bilim Innowasiýa» merkezi we «Iň gowy talyplar akademiýasy» tarapyndan «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşik geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň zehinli talyp ýaşlarynyň 350-den gowragy gatnaşyp, olaryň ençemesi hormatly ada mynasyp boldy. 21-nji martda bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy geçirildi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Medet Mäterow bu bäsleşikde I orny gazanyp, «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» adyna eýe boldy. Oňa diplom, şahadatnama, ýadygärlik kubok we döşe dakylýan nyşan gowşuryldy. 

Şu mynasybetli, 13-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde halkara bäsleşikde ýeňiji bolan talyby sylaglaýyş dabarasy geçirildi. Dabarada nygtalyşy ýaly, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda bilim binýatly, ylym esasly ösüşler barha rowaçlanýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti üçin uly üstünlikli ýyllaryň biridir. Dabarada çykyş edenler ýeňiji bolan talyby gazanan üstünligi bilen gutlap,  abraýly sylaglarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Medet Mäterow Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň guran «Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde «Sanly lukmançylyk» ugry boýunça III orna eýe boldy. Ol 2025-nji ýylyň 18-19-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen «ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary» atly innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşikde «Sanly lukmançylyk» ugry boýunça I orna mynasyp boldy. Şeýle-de ol 2025-nji ýylda Türkmen oba hojalyk institutynyň guran «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginde 1-nji orna eýe boldy. 2025-nji ýylda Moskwa döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersitetiniň guran «СНН-2025» atly talyplaryň ylym hepdeligine işjeň gatnaşdy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň geçiren bäsleşiklerinde, şol sanda açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasynda, «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginde aýratyn tapawutlandy.

Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy-barlag işlerini alyp bardy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyndan ugur alyp, dermanlyk ösümlikleriň esasynda temmäkä garşy dermanlyk serişdäni döretdi. Onuň «Narpyz we tozga ösümliklerinden taýýarlanylan ekoulgam derman serişdesi» atly ylmy taslama işi ýokary baha mynasyp boldy. Bu ösümliklerden alnan serişdeler esasynda taýýarlanan spreý temmäkä garaşlylygy aradan aýyrmaga, ýagny zyýanly endigi taşlamaga, oňa garşy göreşmäge, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge kömek edýär.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň talyby Dawud Döwletow «Türki halklaryň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginde ýeňiji bolupdy. 

Şu ýylyň başyndan bäri uniwersitetiň talyp ýaşlary halkara bilim, taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. 

Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemeginiň aňyrsynda ýaşlara uly ynam bar. Şol ynamy ödemek talyp ýaşlarymyzyň esasy maksady bolmalydyr — diýip, çykyş edenler bellediler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Meretmuhammet HOJANEPESOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat 
ulgamlary we sanly tehnologiýalar 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52