ZEHINLERIŇ «AKYL GIŇIŞLIGI»

11
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 31-nji martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Akyl giňişligi» atly intellektual zehin bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň her fakultetinden 6 talypdan ybarat 1 topar gatnaşdy.

Bäsleşigiň sowallary, esasan, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa, edebiýat, taryh dersleri bilen baglanyşykly hem-de zehin sowallaryndan ybarat boldy. Bäsleşýän toparlaryň her duşuşygynda 11 sowal, olaryň hersine pikirlenmek üçin 60 sekunt wagt berildi.

«Akyl giňişligi» zehin bäsleşiginde ýeňiji bolan topara göçme kubok gowşuryldy. Çekeleşikli geçen bäsleşik talyplaryň zehinini açmak, pikirleniş ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak babatda örän netijeli boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändikleri buýsandyryjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar edilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynda kesgitlenilen wezipeler hem ýurdumyzda ýokary hünär biliminiň hilini we mazmunyny halkara derejede ykrar edilen görkezijilere laýyklykda ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52