W.N.TATIŞEW ADYNDAKY ASTRAHAN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILIM OJAGYMYZDA MYHMANÇYLYKDA

12
2026-njy ýylyň 31-nji martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň «W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti» federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlar, ilki bilen, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw otaglarydyr okuw merkezlerine, agromeýdançasyna baryp gördüler we bu ýerde alnyp barylýan okuw, ylmy-barlag işleri, talyplaryň ýerine ýetiren ylmy taslamalarynyň sergisi bilen tanyşdylar.

Duşuşykda türkmen-rus ylym-bilim gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli ösdürilmeginde iki ýurduň hormatly döwlet Baştutanlarynyň tagallalary aýratyn nygtalyp, hünärmenleri taýýarlamakda netijeli gatnaşyklaryň barha işjeňleşdirilýändigi üçin sagbolsunlar aýdyldy. 

Duşuşykda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri we öňdebaryjy kompaniýalary, assosiasiýalary we ylmy-barlag merkezleri bilen bilim, ylym we innowasiýalar babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän çärelere, ylym-bilim bäsleşiklerine Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem işjeň gatnaşýarlar. Iş duşuşygynyň barşynda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda  bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça «Ýol kartasy» ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-rus dost-doganlygynyň, özara bähbitli ylym-bilim gatnaşyklarynyň gülläp ösmegini, dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler hem-de munuň üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52