OKUWÇYLARYŇ EKOLOGIÝA BÄSLEŞIGI ÜSTÜNLIKLI JEMLENDI

17
2026-njy ýylyň 26-njy martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda guralan Ekologiýa dersinden bäsleşigiň 2-nji — jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden jemi 40 okuwçy gatnaşdy.

Ýeri gelende bellesek, 4-nji martda bäsleşigiň 1-nji tapgyry guralyp, oňa ýurdumyz boýunça 200-den gowrak okuwçy gatnaşypdy. Bu tapgyrda okuwçylar sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly ekologiýadan bilim-düşünjelerini görkezdiler we has tapawutlananlar 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň 2-nji tapgyry S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi. Oňa gatnaşyjylar öz ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler. Olar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň açlygy ýok etmek, arassa suw we arassaçylyk, elýeterli we arassa energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňziň ekologik ulgamyny gorap saklamak, gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak ýaly ugurlaryna degişli ylmy taslamalardyr.

Mekdep okuwçylary açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitiň hilini gowulandyrmak we oba hojalygyň durnukly ösüşine ýardam etmek; suw serişdeleriniň elýeterliligini we olaryň rejeli peýdalanylmagyny we hemmeler üçin suwuň arassalygyny üpjün etmek; Hemmeler üçin energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly we döwrebap serişdelerine umumy elýeterliligi üpjün etmek; Howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek; Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin ummanlary, deňizleri we derýalary gorap saklamak we olardan rejeli peýdalanmak; Gury ýerleriň goragy we dikeldilmegi, olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam etmek, tokaýlardan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny we biodürlüligini ýitirmek hadysasyny bes etmek boýunça täzeçil garaýyşlaryny, ylmy esasly pikirlerini beýan etdiler. 

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ylmy taslamalary boýunça çykyşlaryna eminler ýokary baha berdiler. Olar döwrebaplygy, derwaýyslygy, täzeçilligi we ylmylygy, beýan edilişiniň yzygiderliligi, maglumatlaryň takyklygy hem-de aýdyňlygy, taslamanyň taýýarlanyş, bezeliş derejesi, durmuşa ornaşdyrmak mümkinçiligi, önümçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň uniwersitetiň Haýwanat dünýäsi muzeýine, Tikinçilik gurnagynyň sehine, «John Deere» okuw merkezine tanyşlyk gezelenji guraldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli Diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Bu bilim bäsleşiginiň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bilim özgertmeleri bilen utgaşmagy oňa gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Şeýle bäsleşikler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen umumybilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ýygjam häsiýete eýe bolýandygyny, bilim özgertmeleriniň miwesini berýändigini görkezýär.

Bäsleşigiň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52