«ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY» ATLY HALYPAÇYLYK OKUW SAPAGY TÄSIRLI BOLDY
16S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilýän halypaçylyk okuw sapaklarynda ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen wagyz-nesihat işlerine giň gerim berilýär. 2026-njy ýylyň 25-nji martynda uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň arasynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwletli işleriň, milli däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň, edep kadalarymyzyň, ruhubelent we sagdyn ýaşamagyň many-mazmunyny giňişleýin beýan etmäge bagyşlanan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly halypaçylyk okuw sapagy geçirildi. Oňa mährem ene, Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany hem gatnaşdy. Halypaçylyk okuw sapagyny uniwersitetiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Ogulmaral Tahyrowa alyp bardy.
Halypaçylyk okuw sapagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlar syýasatyna uly ähmiýet berilýändigi, ýurdumyzyň ýaşlaryna döwlet derejesinde döredilýän giň mümkinçilikler barada aýratyn nygtaldy. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň bölümleriniň many-mazmuny giňişleýin düşündirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar, maşgala goraglylygy ugrunda döwlet syýasatynyň miweleri wagyz edildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda maşgala agzybirliginiň öýüň baş döwletidigi nygtalýar. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Ýaş maşgalalarda hem özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär. Maşgala jemgyýetiň hem, döwletiň hem ilkinji daýanjy — binýadydyr.
Çykyş edenler ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryny, jemgyýetde öz orunlaryny eýelemekleri üçin kämilleşmeklerini, dürli nogsanlyklardan daşda durmaklaryny ündediler. Olaryň ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirildi.
Halypaçylyk okuw sapagyna gatnaşyjylar raýatlarymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşyny üpjün edýän, döwlet ýaşlar syýasatyny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.