ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASYNA GATNAŞYLDY

15
2026-njy ýylyň 21-nji martynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky bag ekiş möwsümine dabaraly badalga berildi. 

Paýtagtymyzyň günorta künjegine geçirilen giň gerimli ekologiýa çäresine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegi olaryň göwnüni ganatlandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda:

ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;

welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine, beýleki edaralara miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag, üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek bellenildi. Şeýle hem Daşky gurşawy goramak ministrligine ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerini, beýleki edaralary ýeterlik mukdarda üzüm hem-de 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle-de olaryň ekilişine, ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň oba 
hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy 
fakultetiniň maglumat ulgamlary we 
sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri, 
uly mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52