WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

18
2026-njy ýylyň 19-njy martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Mejlisi, Baş prokuraturasy, Ýokary kazyýeti, Içeri işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Demokratik partiýasy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde taýýarlanan meýilnama laýyklykda, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýatlarda ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň many-mazmuny, milli kanunçylygy berjaý etmek, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmek, maşgala mukaddesligi, tebigaty goramak, tertip-düzgünleri, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek hem-de kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýaramaz endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerine eýermek hakynda düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip belleýär. Garaşsyz döwletimizde ýaşlar syýasatyna esasy ornuň degişlidigini nygtap, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işleriň dowam etdirilmegine aýratyn üns berýär.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi bellenilýän 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň taryhy köklerine ygrarlydygyny, döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny alamatlandyryp, täze eýýamyň aýdyň hakykatyny şöhlelendirýär. Bu bolsa ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ähli ugurlarda bedew batly ösüşleriň gazanylýandygyny görkezýär.

Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrunda alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52