HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇÄKLERINDE SANLY ULGAM ARKALY MASLAHATLAR GEÇIRILÝÄR
88S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly okuw-usuly, ylmy-önümçilik maslahatlary yzygiderli geçirilýär.
19-njy fewralda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda «Belarus Respublikasynyň kärhanalarynda oba hojalyk buhgalterçilik hasabyny guramagyň aýratynlyklary» («Особенности организации бухгалтерского учета в сельскохозяйственных организациях Республики Беларусь») temasy boýunça sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Onda akademiýanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň müdiri, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent Irina Žurowa çykyş etdi.
24-nji fewralda «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty» Milli barlag uniwersitetiniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň we hünär derejesini ýokarlandyryş bölüminiň hünärmenleriniň arasynda «Türkmenistanda suwarymly ýerleriň şorlaşmasy bilen garşy göreşmegiň tejribesi» («Опыт борьбы с засолением орошаемых земель в Туркменистане») temasy boýunça sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Onda uniwersitetimiziň oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Rahman Geldiýew çykyş etdi.
25-nji fewralda Şweýsariýanyň «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň hünärmenleriniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda «John Deere 6M» kysymly traktorlaryň transmissiýasynyň gurluşy, işleýşi we sazlanyşy («Устройство, работа и наладка трансмиссии тракторов John Deere 6M») temasy boýunça sanly ulgam arkaly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Onda «IPС (International Progress Consult) Agri» bilelikdäki kärhanasynyň okuw we tehniki goldaw boýunça menejeri t.y.k. Öwezgeldi Kakabaýew çykyş etdi.
26-njy fewralda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda «Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň innowasion ugry» («Цифровая экономика — инновационное направление устойчивого развития») temasy boýunça sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Onda ýokary okuw mekdebimiziň maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Meretmuhammet Hojanepesow çykyş etdi.
27-nji fewralda Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda «Towuk eýmeriozynyň kliniki-epizootologik aýratynlyklary» («Клинико-эпизоотологическая характеристика эймериоза кур») temasy boýunça sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Onda ADU-nyň weterinar lukmançylygy kafedrasynyň dosenti, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Wladimir Zaýsew çykyş etdi.
Maslahatlar özara tejribe alyşmakda, hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmakda örän netijeli boldy.