EKOLOGIÝA BÄSLEŞIGINIŇ 1-nji TAPGYRYNYŇ NETIJELERI YGLAN EDILDI
326S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda guraýan Ekologiýa bäsleşiginiň onlaýn görnüşde geçirilen 1-nji tapgyry üstünlikli tamamlandy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden okuwçylar işjeň gatnaşýarlar.
Düzgünnama laýyklykda, 1-nji tapgyrda iň ýokary netije görkezen 40 okuwçy bäsleşigiň jemleýji 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2-nji tapgyra geçen okuwçylaryň sanawy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!
Bäsleşigiň 2-nji tapgyrynyň eminler toparynyň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlaryndan we her welaýatdan, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gatnaşjak hünärmen-mugallymlardan ybarat bolar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylar öz ylmy-taslama işleriniň ýazmaça beýanyny we tanyşdyryş (PPT) faýlyny 2026-njy ýylyň 21-nji martyna çenli tm.tau.2022@gmail.com elektron salgysyna ugratmalydyrlar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 26-njy martynda sagat 10:00-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 27-nji martda geçiriler.
Ähli gatnaşyjylara we 2-nji tapgyra geçen okuwçylara üstünlik arzuw edýäris!
Habarlaşmak üçin tel.: +99365633644, +99363966901.
E-mail: tm.tau.2022@gmail.com
Bäsleşigiň guramaçylyk topary