MUGALLYMYMYZ WENADA GEÇIRILEN OKUW MASLAHATYNA GATNAŞDY

30
2026-njy ýylyň 22 — 28-nji fewraly aralygynda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde ýerleşýän Wena halkara merkezinde Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (IAEA) tarapyndan Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça täze taslama hyzmatdaşlary, milli aragatnaşyk ýolbaşçylary we kömekçileri üçin giriş okuw maslahaty geçirildi.

Bu halkara çärä S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Kadyr Amanow gatnaşdy. Okuw maslahatynyň dowamynda IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gurluşy, taslamalaryň taýýarlanylyşy we durmuşa geçirilişi, maliýeleşdirilişi, hasabatlylyk hem-de monitoring ulgamlary boýunça giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem gatnaşyjylar halkara taslamalary dolandyrmakda ulanylýan «InTouch+» we beýleki maglumat ulgamlary bilen tanyşdylar.

Maslahatyň çäklerinde dürli ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşmalar geçirildi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre uniwersitetimiziň halkara taslamalara gatnaşygyny işjeňleşdirmekde, taslama dolandyryş tejribesini baýlaşdyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Umuman, Wena şäherinde guralan bu halkara okuw maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçip, gatnaşyjylara täze bilimleri we tejribeleri gazanmaga mümkinçilik berdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52