«TALYP GÖZELI — 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
31Halkara zenanlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Ol talyp gyzlaryň ata Watanymyza bolan buýsanjyny, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny, asylly häsiýetlerini, ezberligini we döredijilik ukyplaryny açyp görkezdi.
Bäsleşik 3 şertden ybarat bolup, oňa gatnaşan talyp gyzlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda zenanlara goýulýan sarpany aýdymdyr goşgularyň, sahna çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. 1-nji şertde olaryň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny görkezmekleri üçin 5 minut wagt berildi. Talyp gözeller 2-nji şertde «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, unaş kesmekde bäsleşdiler. Munuň üçin olara 10 minut wagt berildi. 3-nji şert «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylyp, onda talyp gyzlar keşde çekdiler. Munuň üçin 15 minut wagt berildi.
Netijede, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň agronomçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Amansoltan Orazmämmedowa baş baýraga mynasyp boldy hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.