UNIWERSITETIMIZDE «AÇYK GAPYLAR» GÜNI GEÇIRILDI

44
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-nji fewralynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa Aşgabat şäherindäki 140-njy, 143-nji, 144-nji orta mekdepleriň okuwçylary,   şeýle-de Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary işjeň gatnaşdylar.

Ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak we uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy işler, geçirilýän medeni-köpçülik, sport çäreleri bilen giňişleýin tanyşdyrmak maksady bilen guralan çäre ýaşlarda hünäre söýgi döretmekde örän netijeli boldy.

«Açyk gapylar» gününe gelen ýaşlar, ilki bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýaş alymlarynyň, talyp ýaşlarynyň ylmy-taslama işleriniň sergisine aýlanyp gördüler. Uniwersitetiň fakultetleri, hünärleri, ylmy gurnaklary we olarda okamak, ylmy işleri alyp barmak üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Olar uniwersitetiň okuw otaglaryna, kitaphanasyna, Haýwanat dünýäsi muzeýine, tikinçilik okuw otagyna, agromeýdançasyna, ýyladyşhanasyna, sport meýdançalaryna hem baryp gördüler. «John Deere» okuw merkezi bilen tanyşlyk, okuw simulýatorlarynyň mümkinçilikleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

«Açyk gapylar» gününde oňa gatnaşyjylara Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okadylýan hünärlerdir taýýarlyk ugurlary, uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, bilim ojagynyň maddy-enjamlaýyn binýady, şol sanda döwrebap okuw-tejribe otaglarydyr okuw merkezleri barada gyzykly gürrüň berildi.

Ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler, gazanylýan üstünlikler ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Olar okamak, öwrenmek, zehin-başarnygyňy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52